JEMGYÝET

Bir asyry arka atan weteran

«Beýik Watançylyk urşunyň weterany Samed Aliýew häzirki wagtda Aşgabadyň iň uzak ýaşly ýaşaýjylarynyň biri» diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gowgaly ýyllarda 101-nji atyjylyk diwiziýasynda Smolenskini faşistik basybalyjylardan azat etmäge gatnaşan Samed aga «Watançylyk urşy» ordeniniň I derejelisiniň hem-de «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş üçin» atly medalyň eýesidir.

Şu ýyl 101 ýaşyny dolduran Samed aga azerbaýjan milletindendir. On iki-on üç ýaşly oglanka, olaryň maşgalasy Aşgabada göçüp gelipdir. Smolenskide bolan söweşde ýaralanan Samed aga uruş gutarýança tykda zähmet çekýär.

— Uruşdan öňem Aşgabatda ýaşadyk, uruşdan soňam şu mähriban şäherde ýaşap gelýärin. Paýtagt şäherimiziň ähli döwürlerini gördüm. Uruşdan öňki keşbini hem bilýärin. 1948-nji ýylyň ýertitremesinde — 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilýän gijede biziňem öýümiz ýykyldy. Abat galan tarapyndan aýalym bilen daşary çykdyk. Hemmeler biri-birine kömek edýärdiler. Şeýdip, agzybirlikde işläp, elhenç ýertitremesiniň weýrançylyklaryny ýaňadan dikeltdik. Men 40 ýyllap dellekçi bolup zähmet çekdim. Özüm zähmet weterany.

Häzirki Aşgabady görmäge göz gerek. Onuň ajaýyp binalary diňe daşyndan gelýän myhmanlary däl, içinde ýaşap ýören adamlary-da gaýta-gaýta haýran galdyrýar  diýip, Samed aga gazetiň habarçysyna Aşgabat bilen bagly ýakymly ýatlamalaryndan gürrüň berýär.

 

Germaniýa 2021 :Abraýly Ýokary Okuw mekdepleri

 

 

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Türkmenistandan Hyrada iberilýän elektrik energiýasy 120 megawata çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gruzin diline terjime edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygy

Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi