Şu ýylyň maý aýynyň 5-inden başlap, welaýatlaryň arasynda gatnawlaryň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Welaýatlaryň arasyndaky gatnawlar ýurdumyza koronawirus pandemiýasynyň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen girizilen öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde çäklendirilipdi. “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan ýerli ýolagçy uçar gatnawlarynyň 5-nji maýdan başlap, täze uçuş rejesine görä, hereket etmegi meýilleşdirilýär. Şol tertipde  täze ugurlar boýunça gatnawlar göz öňünde tutulýar. Ýagny, içerki howa gatnawlarynyň sany artýar. Saýtymyzda yzygiderli ýerleşdirilýän habarlarymyzdan hem mälim bolşy ýaly, soňky 2 aýyň dowamynda halkara ýörite uçar gatnawlaryň sany hem barha artýar. Bu babatda, Stambul, Moskwa, Kazan we Minsk ugurlary boýunça birnäçe ýörite uçar gatnawlary amala aşyryldy.  Maý aýynda hem birnäçe ýörite uçar gatnawlaryň bolmagyna garaşylýar.

Atavatan TV YouTube kanalyndaky habarlary we gepleşikleri aňsatlyk bilen tomaşa etmek üçin şu ýere basyň!

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 1-nji maýda kinoteatrlar we teatrlar işläp başlaýar. Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatdaky söwda merkezleri gaýtadan açyldy. 27-nji aprelde ýurdumyzyň iň iri bazary bolan Altyn asyr Gündogar bazary öz işine başlady.  Ine, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda  ýurdumyzyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri uzaldyldy. Bu Karar dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtda bolýan raýatlarymyz üçin şeýle Karar öň hem kabul edilipdi we daşary ýurtda bolýan raýatlarymyzyň pasportlarynyň hereket ediş möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzadylypdy.  Düýn Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Bu bolsa, daşary ýurtda bolýan raýatlarymyzyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga kömek edýän wajyp resminamadyr.  Şu ýerde, biometrik pasportlaryň hereket ediş möhletleriniň 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylmagynyň ähmiýeti barada belläp geçmek gerek. Sebäbi bu Karar  diňe bir dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler ýakyn döwürde aradan aýrylsa hem, şol ýurtlarda hemişelik ýaşaýan raýatlarymyzyň we bilim alýan we wagtlaýyn bolýan beýleki raýatlarymyzyň kanuny bähbitlerini hem goraýar.  Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, daşary ýurtda bolýan raýatlarymyzyň möhleti dolan  pasportlarynyň hereket ediş möhleti  soňky gezek 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzadylypdy. Bu bolsa, halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler ýakyn döwürde aradan aýrylsa hem, raýatlarymyzyň agzalan topary üçin okuwyny dowam edip ýa-da beýleki sebäpler üçin galýan ýagdaýynda bolýan döwletlerinde pasportlarynyň hereket ediş möhledini uzaltmak üçin mümkinçilik berýär.

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi