TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bill Geýtsiň maýa goýan 4 sanjym öndürijisi

Ýakynda koronawirusa garşy başlanan taslamalara maliýe goldawyny beren Bill Geýts bu ugurda onlarça million dollar sarp etdi. Geýts we onuň aýaly haýsy taslamalara maýa goýdy? Geliň, olar bilen tanyş bolalyň.

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts ABŞ-daky kompaniýadaky işini taşlap, bütin wagtyny haýyr-sahawat işine bagyşlady. Amazon onlaýn söwda platformasynyň eýesi Jeff Bezosdan soň dünýäniň ikinji baý adamy  Bil Geýtsiň we aýaly Melinda Geýtsiň ýolbaşçylygyndaky Geýts gaznasy  dünýäniň umumy gün tertibine öwrülen koronawirusyna garşy köp taslamany goldady.

2008-nji ýyldan bäri takmynan 45 milliard dollar baýlygyny Geýts gaznasyna geçiren Geýts we aýaly, koronawirusyna garşy işlenip düzülen 4 taslamany goldady.

Türk alymlary Ugur Şahin we Özlem Türejiniň eýeçiligindäki “BioNTech” kompaniýasy bilen bilelikde koronawirusyna garşy sanjymy döreden “Pfizer”, üçünji tapgyr kliniki synaglarda keseliň ýokaşmagynyň 90 göteriminiň öňüni alandygyny habar berdi.

Geýts gaznasy koronawirus ýaýramazdan ozal, “BioNTec” kompaniýasyna ilkinji maýa goýumyny goýdy. Gazna 2019-njy ýylda “BioNTech”-e 55 million dollar maliýe kömegini berdi.

“BioNTech” kompaniýasy Geýts gaznasynyň ünsüni özüne çeken ýeke-täk nemes biotehniki kompaniýasy däl. Geýtsler tarapyndan dolandyrylýan bu fond 2015-nji ýylda “CureVac” atly sanjyma 52 million dollar maýa goýdy. Kompaniýa soňky hepdelerde beren beýanatynda “Covid-19” sanjym dalaşgäriniň ilkinji kliniki tapgyra çykandygyny mälim etdi.

“Vir Biotechnology” kompaniýasy bilen iňlis derman kärhanasy “GlaxoSmithKline” (GSK) bilelikde koronawirusa garşy işlenip düzülen waksinanyň synaglaryň soňky tapgyryna geçendigini habar berdi.

“Wir-7832” atly waksinanyň, ähli synaglar üstünlikli geçen halatynda 2021-nji ýylda bazara çykarylyp bilinjekdigi aýdylýar.

Şeýlelikde Geýts gaznasy “BioNTech”, “Pfizer” kompaniýalarynyň taýýarlaýan atly sanjymyna hem-de  “Vir Biotechnology”, “GlaxoSmithKline” kompaniýalarynyň taýýarlaýan “Wir-7832” atly sanjymyna maýa goýum goýmagyny dowam edýär. Şeýlelik-de, Geýtsler tarapyndan dolandyrylýan bu gazna 4 kompaniýa 2 sanjym üçin maýa goýýar. Bu taslama geljekde oňyn netije bermegine garaşylýar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Teswirle