TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar – ösüşleriň daýanjy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap öňe bar­ýar. Bag­ty­ýar­ly­gyň gu­ja­gyn­da ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra, ta­ry­hy wa­ka­la­ra, şan­ly se­ne­le­re bes­len­ýän ýur­du­myz­da hal­kyň asu­da, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, ter­bi­ýe­len­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary ýaşuly nesliň wekili hökmünde biziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini gazanmak bilen çäklenmeýär. Olar ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny goldamak ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär.

Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, alyp barýan parasatly syýasaty, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri döwür bilen öňe barýan ýaşlary guwandyrýar, buýsandyrýar. Zehinli türkmen ýaşlary dünýä döwletlerinde sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Kerim Töräýew, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle