Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz gülläp ösýär. Ýaş nesillerimiz watançylyk ruhunda terbiýelenip, olaryň döwrebap bilimlerden we dürli ugurlardan baş çykarýan ussatlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ylym we bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletiň geljegi, jemgyýetiň ösüş tapgyrlary köp babatda ylymly, bilimli ýaş nesillere baglydyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap okuw mekdepleriniň gurulmagy, okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşyny giňeltmegine, giň möçberli bilimiň ösüşini üstünlikli amala aşyrmaga, ýurduň ägirt uly kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmegine, gözýetimini giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmany döretmäge giň ýol açdy. Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa Watanymyzyň ylymda we bilimde gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne görkezmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalar, dünýä tejribesi, bilim portallary, täze usulyýet esaslary bilen baýlaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde we orta bilim berýän mekdeplerde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ýaşlara bilim we terbiýe berlişiniň hili gowulandyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde talyplara hünär öwredilişiniň derejesi ýokarlandyrylýar.
Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi. Türkmen halkynyň döredijilik ýol-ýörelgesiniň mizemez binýady hem hut ýaşlaryň elindedir. Olar milletimiziň mertebesidir, şöhratly taryhymyzyň baky dowamatydyr. Ykbaly gülläp, bagt guşy asuda asmanynda ganat ýaýan türkmen ýaşlarynyň bu günki günde ümzügi ileri, maksatlary aýdyňdyr. Ol aýdyňlyk bolsa türkmen halkynyň geljegini şöhlelendirjek bilimli ýaşlardyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bizi juda begendirýär we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýaş nesillerimizi ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşap, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Muhabbet Döwletowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.