28/01/2021 11:23
Home BILIM Ýaşlar barada Döwlet maksatnamasy

Ýaşlar barada Döwlet maksatnamasy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyna seredildi.

2013-nji ýylyň awgustynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy.

Ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelerine hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek işlenip taýýarlanylan Maksatnamanyň esasy maksatlary bolup durýar.

Maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek çäreler öz halkynyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdiriler.

Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde döwletimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretjekdigi, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Okap bilersiňiz  Türk Geňeşi türkmen-azerbaýjan ylalaşygyna ýokary baha berdi

Şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak hem-de hukuk we durmuş goraglylygy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Okap bilersiňiz  “Kia Sorento” ulagy onlaýn tanyşdyryldy

Iri jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy nygtaldy. Bu resminama geçirilýän işlerde ugur görkeziji bolup hyzmat eder.

“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar.

Resminamalaryň taslamalarynda ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, ýaşlar babatyndaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipeler möhüm orun eýeleýär.

Okap bilersiňiz  Kristin Weýgand: Türkmenistan çagalaryň irki ösüşine uly ähmiýet berýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigini belledi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Kitap ve Sağlık!

IŇ TÄZE HABARLAR

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk...

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  Gizlin sözler üýtgemedi
Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we...

Rus futbolçysy Italiýada oýnar

Italiýanyň “Fiorentina” futbol topary özüniň resmi saýtynda Russiýanyň “Spartak Moskwa” futbol toparyndan russiýaly hüjümçi Aleksandr Kokoriny transfer edendigini resmi taýdan habar berdi. Oýunçynyň topar...

Alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy...

Dokma önümleriniň elektron söwda binýady dörediler

Milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagyny dörebap derejede ösdürmek babatda hem-de bu pudakda öndürilýän önümlerini giň alyjylar köpçüligine ýetirmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu babatda dokma...