No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 9:17
No menu items!
Home BILIM Talyplyga kabul edýär

Talyplyga kabul edýär

Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji başlangyç hünär okuw mekdebi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär:

  1. Buhgalterçilik işi;
  2. Kompýuter toparyny sazlaýjy;
  3. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa;
  4. Komp­ýu­ter mon­taž­çy;
  5. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa;
  6. Tikinçi-biçimçi;
  7. Sowadyjylary we kondisionerleri bejeriji slesar;
  8. Iş ýörediji;
  9. Ýa­şa­ýyş — je­ma­gat ho­ja­ly­gy­nyň ussasy;
  10. Çeper bezeg işlerini ýerine ýetiriji;

Tassyklanan meýilnamalara laýyklykda ähli hünärlerde iňlis dili we kompýuter öwredilýär.

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 10 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli. Okuwlaryň gündizki we agşamky bölümleri bar.

Resmi iş kagyzlary 2020-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň adyna ýazylan arza;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (anketa);

— pas­por­tyň nusgasy (eger şah­sy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da­ky resminamanyň asyl nusgasy we nusgasy;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk kepilnamasy;

— üç ar­ka­sy ba­ra­da mag­lu­mat;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçlerinde harby gullugy geçenligi baradaky harby şahadatnamasynyň (harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasynyň nusgasy);

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3х4 möç­be­rin­dä­ki 6 sa­ny fo­to­su­rat;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 28 — 29-na 4-nji baş­lan­gyç hü­när okuw mekdebinde geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

4-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Biçimçi-tikinçi;
  2. Buhgalter hasabynyň we telekeçiligiň esaslary;
  3. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji;
  4. Kompýuter sowatlylygy;

Gysga möhletli okuw üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

— pas­por­tyň­nusgasy;

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­nyň nusgasy;

— 3х4 möç­be­rin­dä­ki üç sa­ny fo­to­su­rat;

Bellik: 10 aý we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplom berilýär.

Gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Okuwlaryň gündizki we agşamky bölümleri bar.

Salgysy: Aşgabat ş. Bilim köçesi, 20-nji jaý;

Tel: 34-49-91; 34-06-15; 34-47-79.

IŇ TÄZE HABARLAR

Messi “Barselonadan” gidip biler

Lionel Messi 2021-nji ýylda gutarýan şertnamany uzaltmak baradaky gepleşikleri togtatdy. Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisiniň bu topardan gidip biljekdigi mälim edilýär. Bu barada “Cadena...

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup...

“Zenit” Russiýanyň çempiony boldy

Russiýanyň futbol boýunça ýokary ligasy bolan “Premier Liganyň” 2019-2020-nji möwsümdäki çempiony mälim boldy. Ol hem “Zenit” toparydyr. “Zenit” topary çempionatyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda “Krasnodar” toparyny...

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Süleýman Demirel uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demireliň adyny göterýän bu Uniwersitet Isparta şäherinde...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi. ...

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Medeni-köpçülik çärelerini guramak. Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak. Çagalar...

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ug­ry: Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när­ler: ykdy­sa­dy­ýet...

Zehinli sungat işgärleri dünýä jemgyýetçiligine tanadylar

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewany başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň...