TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilim we döwrebap ösüşler

Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­dan ugur al­nyp, hä­zir­ki dö­wür­de ýaş­la­ryň göz­ýe­ti­mi­niň gi­ňe­me­gi üçin döw­re­bap okuw usul­la­ryn­dan, san­ly bi­li­miň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Bu gün­ki gün­de san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri esa­syn­da bi­lim ul­ga­my hem öz­gert­me­le­re eýe bol­ýar. San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň döw­re­bap­ly­gy ýaş­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­ny ös­dür­ýär. Şo­nuň üçin hem bu gün­ki gün ýaş nes­li wa­tan­çy­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge we zäh­met­sö­ýer­li­ge mah­sus ruh­da ter­bi­ýe­le­mek, döw­re­bap bi­lim­ler­den ha­bar­ly hem-de teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan hü­när­men edip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da örän oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­ga­ma geç­mek mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi üçin bu ug­ruň ösü­şiň tä­ze de­re­je­le­ri­ne çyk­ma­gy­na gö­nü­den-gö­ni gat­naş­jak ýaş­la­ry­my­zyň oka­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär, bu işe olar do­ly taý­ýar­la­nyl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan ugur al­nyp, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­myn­da tä­ze­çil­li­gi dö­ret­me­k we ýaý­rat­ma­k, dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­k mak­sat edin­ilýän iş­ler top­lum­la­ýyn al­nyp ba­ryl­ýar. Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ös­me­gi çalt­lan­dy­ryl­ýar. Şeý­le hem bi­li­miň äh­li de­re­je­le­ri üçin ze­rur bo­lan elekt­ron mag­lu­mat­lar go­ry dö­re­dil­ýär. Olar ýö­ri­te tor ar­ka­ly el­ýe­ter­li üp­jün edil­ýär.

Ýur­du­myz­da bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny elekt­ron mag­lu­mat­lar bi­len üp­jün et­mek­de, san­ly se­riş­de­le­riň ula­ny­lyş müm­kin­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li gi­ňelt­mek­de bi­lim eda­ra­la­ryn­da bi­lim ber­me­giň maz­mu­ny baý­laş­dy­ryl­ýar, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­za, mil­li ter­bi­ýä hem-de yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­na da­ýa­nyl­ýar. Çün­ki hä­zir­ki dö­wür­de ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny, hi­li köp ba­bat­da döw­re­bap in­tel­lek­tual müm­kin­çi­lik­le­riň de­re­je­sin­de kes­git­le­nil­ýär.

Ula­nyl­ýan san­ly se­riş­de­ler, elekt­ron mag­lu­mat gö­te­ri­ji­ler, wi­deo­şe­kil­ler we au­dio ýaz­gy­lar ta­lyp­la­ryň has giň möç­ber­dä­ki mag­lu­ma­ty öz­leş­dir­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, ýag­ny, mag­lu­mat bir­ba­da gö­rüş we eşi­diş ýol­la­ry ar­ka­ly ka­bul edil­ýär. Şeý­le-de bu müm­kin­çi­lik­ler ýaş­la­ryň dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi bi­len deň ga­dam ur­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýaş­lar in­ter­net to­ry ar­ka­ly dün­ýä­niň okuw mer­kez­le­ri bi­len tan­şyp dur­ýar­lar. Bu bol­sa mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň hal­ka­ra tej­ri­be­si­niň esa­syn­da kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de döw­re­bap bi­lim­ler­den baş çy­kar­ýan ýaş hü­när­men­le­riň tä­ze nes­li ke­ma­la gel­ýär. Us­sat hü­när­men­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy bol­sa, ýur­duň kuw­wa­ty­nyň bar­ha ber­ke­me­gi­ne alyp bar­ýar.

Ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň hä­zir­ki tap­gy­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan in­no­wa­si­ýa ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. San­ly se­riş­de­ler­den peý­da­la­nyp be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny baý­laş­dy­ryl­ýar.

Wepageldi Ataýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar” fakultetiniň 3-nji talyby. 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamyndaky döwrebap ösüşler

Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan maslahat

Türkmen telekeçileriniň uly üstünligi

Teswirle