TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk ýylarynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.

Ajaýyp zamanamyzda dünýäniň ylym-bilim giňişliklerinde ynamly öňe barýan döwletimizde bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşdy. Şonuň bilen baglylykda, bilim babatda kämil kanunçylyk binýady hem döredildi. Geçen ýyl bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu Kanunda bilim almak hukugynyň adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýandygy, şeýle-de bilimiň Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydygy beýan edilýär.

Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleriň kemala gelýändigini olaryň halkara derejede geçirilýän döredijilik we zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýandyklary subut edýär.

Häzirki wagtda ýaş nesillere ýokary derejede bilim berilýär, hünär öwredilýär. Türkmenistanyň halkara taslamalara barha giň gerimde gatnaşmagy, döwletara hyzmatdaşlygynyň batly depginlerde ösdürilmegi, beýleki hünärler bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegine, öwredilmegine, bu ugurdan kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem zerurlyk döredýär.Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda 2017-nji ýylda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» mysal getirmek bolar.

Şeýle-de, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Bu bolsa sanly bilimiň biziň ýurdumyzda günsaýyn ösýänliginiň, özgerýänliginiň, dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek barada öňde goýlan wezipeden ugur alnyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Beýik Britaniýanyň Times Higher Education World University Rankings (THE WUR) Bütindünýä uniwersitetleriň reýting guramasy tarapyndan geçirilen «THE Impact Ranking — 2022» reýtinginiň sanawyna girizildi. «THE Impact Ranking» reýtinginde ýokary okuw mekdepleri BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan üstünliklere laýyklykda bahalandyrylýar, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-sini durmuşa geçirmek boýunça reýtinge gatnaşdy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Şanly seneler mynasybetli mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri guralýar. Olardan «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň mugallymy», professor-mugallymlarynyň arasynda «Ýylyň mugallymy» bäsleşiklerini, ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli» atly gözellik bäsleşigini, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiklerini görkezmek bolar.

Goý, Türkmenistan döwletimiziň şöhratly geljegi, halkymyzyň bagtyýar ertiri üçin ýadawsyz alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň  jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Täzegül Aşyralyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle