TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da ös­dür­mä­ge, san­ly­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mil­li Mak­sat­na­ma­syn­da» bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýo­ka­ry ne­ti­je­li bi­li­mi üp­jün et­mek ug­run­da kes­git­le­nen we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­di­lip, ol hä­zir­ki za­man mul­ti­me­dia, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň döw­re­bap ylym-bi­lim öw­ren­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­na dün­ýä yl­my­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ry­lyp, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim­le­ri öz­leş­dir­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň ne­ti­je­sin­de talyplar ze­hin­dir-ukyp­la­ry­ny hal­ka­ra olim­pia­da­la­ryn­da, dür­li gör­nüş­li bäs­le­şik­ler­de gör­kez­ýär­ler.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra dü­şün­ýän, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär. Şeý­le hem «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lynda» bi­lim ul­ga­myn­da hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re ýet­mä­ge ba­dal­ga ber­ilýär. Mu­nuň özi hal­ky­na, Wa­ta­ny­na ber­len gel­jek­ki kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin ýur­du­myz­da äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ne gü­wä geç­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň bi­lim­le­riň we ylym­la­ryň esas­la­ry­ny, akyl we fi­zi­ki zäh­met en­dik­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri­ni, olar­da ýo­ka­ry ah­lak sy­pat­la­ry­ny, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek üçin mu­gal­lym­la­ry­myz he­mi­şe dö­redi­ji­lik göz­le­gin­de bol­ma­ly­dyr­lar».

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär. Sanly bilimiň ösdürilmegi ýaş nesillere bilim berlişiniň hilini kämilleşdirmekde, hünärleriň inçe tilsimlerini öwretmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän talyplarymyzyň geljekde alan hünärine laýyklykda dürli ugurlarda işläp, Watanyň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Kämil ukyp-başarnykly hünärmenleri kemala getirmek ýurdumyzyň ynamly, ygtybarly, durnukly geljegini döretmek üçin mümkinçilikdir.

Eziz Diýarymyzda dünýäni haýrana goýýan ösüşler, milli bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesillerimiziň ýagty geljeginiň girewidir. Goý, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, belent tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Läle Taýyrowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle