Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary bilimli-terbiýeli, edepli-ekramly, ýokary ahlakly şahsyýetler edip kemala getirmek biz—mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Olaryň döwrebap bilim almagyny gazanmakda bolsa ýurdumyzda netijeli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň-ýylyna täze döwrebap bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär, şeýle-de okuw maksatnamasyna täze dersler girizilip, ýaşlaryň bilimleri has-da kämilleşdirilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, olaryň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi okuwçylaryň ukyp-başarnyklarynyň artmagyna, alýan bilimlerini düýpli özleşdirmeklerine uly itergi berdi.
Döwrüň talabyna laýyklykda ýaşlar dünýä dillerini höwes bilen öwrenýärler. Umumybilim edaralarynyň birnäçesi daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilendir. Bu bolsa ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakda, olaryň dünýä edebiýatyndan, dürli dillerdäki ylmy maglumatlardan habarly bolmagynda uly orna eýe boldy. Hut şonuň üçin hem daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmekde mugallymlaryň üstüne uly borç düşýär. Şunda mugallymlar okuwçylaryň iňlis dilini suwara öwrenmeklerini gazanmakda okatmagyň innowasion ugruny saýlap alýarlar.
Häzirki wagtda iňlis dilini öwretmegiň usullary barha kämilleşýär. Esasan hem döwrebap enjamlaryň, multimedia tagtasynyň kömegi bilen iňlis dilini öwretmek ýeňilleşdirilýär. Bu bolsa okuwçylaryň sözleri ýatda saklamaklaryna, diliň aýratynlyklaryna tiz düşünmeklerine oňat ýardam edýär. Mysal üçin, mugallym multimedia tagtasynda iňlis dilindäki sözleri ýazyp, onuň türkmen dilindäki terjimesini hem görkezýär. Bu bolsa olaryň sözleri ýat tutmaklaryna we manysyna düşünmeklerine ýardam edýär, şeýle-de gören zatlaryny ýadynda saklamagyny aňsatlaşdyrýar.
Iňlis dilini öwretmekde lingafon otaglarynyň hem uly ähmiýeti bardyr. Lingafon otaglarynda okuwçylar sözleri diňlemäge mümkinçilik alýarlar we olaryň dürs aýdylyşyny, orfoepiýa kadalaryny tiz özleşdirýärler. Iňlis dilindäki sözlemleri diňlemek bilen okuwçylar sözleri baglanyşdyrmagyň, iňlis dilinde pikiriňi beýan etmegiň ugurlaryny öwrenýärler. Bu usul okuwçynyň aňynda göni aragatnaşygy şekillendirýär. Şeýle ýagdaýda olar iňlis dilinde gürleşmegi, pikir alyşmagy tiz özleşdirýärler.
Umumy orta bilim maksatnamasynyň 12 ýyla geçirilmegi, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini has-da ösdürmek boýunça Konsepsiýalaryň kabul edilmegi bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär.
Bilim işgärleriniň döredijilik ukybyny açmak, hünär ussatlygyny kämilleşdirip, ösen tejribeleri ele almagy üçin hem her ýylda «Ýylyň mugallymy» bäsleşigi geçirilýär. Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegi göz öňünde tutulandyr.
Sanly bilim ýokary okuw mekdeplerimizde öň hem bar. Dürli okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalary, tanyşdyryşlary, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalary we beýlekileri biz okuw sapaklary guralanda ýakyndan peýdalanýarys. Emma häzirki zamanyň sanly serişdeleri portallarda, ulgamlaýyn görnüşdedigi bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň döredilişi-de, ulanylyşy-da barha kämilleşdirilýär. Başgaça aýdylanda, sanly bilimiň milli ülňüsiniň kemala getirilen häzirki döwründe onuň aýratynlyklary, maksady, özeni, netijesi nämeden ybarat bolmaly diýlen soragyň bu ugurda zähmet çekýän kärdeşlerimizi gyzyklandyrjakdygy ikuçsuzdyr.
Ogulşirin Berdiyewa,
Gökdepe etrabynyñ daşary ýurt dillerini
çuñlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
1-nji orta mekdebiniñ
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.