TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde ylym-bilim ulgamy-da örän çalt depginler bilen ösýär. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda sanly bilimiň döwrebap mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär. Sanly bilimiň ösdürilmegi ýaş nesillere bilim berlişiniň hilini kämilleşdirmekde, hünärleriň inçe tilsimlerini öwretmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», şeýle-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýaşlar hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigini golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde guramagynda onlaýn usulda geçirilen Açyk Internet olimpiadasy hem aýdyň görkezdi.

Bilim ulgamyny ösdürmegiň usullary we bu ugurdaky çemeleşmeler dünýäniň ösüş tejribesi bilen birlikde halkymyzyň milli hem ruhy gymmatlyklaryna esaslanýar. Bu 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda-da» aýdyň ýüze çykýar. Konsepsiýa özüniň mazmuny taýdan milli gymmatlyklar bilen berk baglanyşykly bolup, ol milli tejribeleriň sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dessine ýaýradylmagyna we özleşdirilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar täze açyşlaryň esaslandyrylyp, döwrebap taslamalaryň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly şertleri ýüze çykardy.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmekleri üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilşiniň ýokary derejesini gazanmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär.

Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleriň kemala gelýändigini olaryň halkara derejede geçirilýän döredijilik we zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýandyklary subut edýär.

Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgamlar döredilýär we netijeli hereket edýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawy döredilýär, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar.

Jemal Gyzylowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle