Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň altyn geljegi bolan ýaşlaryň bilim almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde bilim ulgamy täze belentliklere göterilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň esasynda mekdebe çenli bilime örän uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli bilim we terbiýe bermegiň usulyýeti düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejeleri bolsa, okatmagyň häzirki zaman ösen ylmy-usuly we halkara iş tejribeleri esasynda ýokarlandyrylýar. Munuň özi dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilip, bu ugurda toplanan oňyn tejribeleriň mekdebe çenli bilim ulgamynyň işine ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň ylymly-bilimli, Watana, il-güne wepaly ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip belleýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň yzygiderli artmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ylmy edaralara, ýokary okuw mekdeplerine, orta mekdeplere, mekdebe çenli çagalar edaralaryna iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.
Bilşimiz ýaly, ýaşlaryň arasyndan kämil hünärmenleri taýýarlamak biziň ýurdumyzda iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim ojaklarynda talyp ýaşlara hünär öwredilişi ösen tehnologiýalaryň esasynda üstünlikli amala aşyrylyp, okuwlar kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda alnyp barylýar. Talyp ýaşlara hünär öwretmekde täze tehnologiýalara, öňdebaryjy usullara daýanylýar. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Döwrebap ylym-bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri kämil bilim almak bilen bir hatarda, öz söýýän käriniň hünärmenleri bolmakda hem olar ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary peýdalanylyp, elektron kitaplar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullar ulanylýar. Sanlylaşdyrmak döwrebap usul bolup, hil taýdan bilimiň kämilligini, netijeliligini artdyrýar. Internetiň giň mümkinçiliklerini, kompýuter tehnologiýalaryny bilim bermäge gönükdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Talyp ýaşlar üçin elektron kitaphanalardan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, ýaşlar ylmy kitaplar bilen tanyşýarlar, ylmy hem-de çeper döredijilik bilen meşgullanýarlar. Bu gün döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, başarnykly, giň gözýetimli, häzirki döwrüň ylmy usullaryny ele alan we zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak hünärmenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy borjumyzdyr.
Mährijemal Çaryýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.