SIZDEN GELENLER

Bilim – jemgyýetiň ösüşiniň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylýandygy hem-de netijeli ulanylýandygy gazanýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde aýdyň duýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy iň öňdebaryjy tejribeleriň, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen düýpgöter özgerýär. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge we dünýä ülňülerine laýyk özgertmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Ajaýyp döwrümizde ýurduň ösüşinde möhüm orny eýeleýän bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda bilim syýasaty gün-günden rowaçlanýar. Ulgamyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirilmegi durmuşa geçirilýän işleriň guwandyryjy netijeleridir.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan dowamly özgertmeleriň baş maksadynyň röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň bilim hem-de döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmekden, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdygyny bellemelidiris. Çünki ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, watansöýüji, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ýagty geljegimiziň güwäsidir.

As­lyn­da hem ylym-bi­lim öw­ren­mek, ýaş­la­ry kä­mil hü­när­men­ler edip ýe­tiş­dir­mek asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­miz­dir. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýo­ka­ry yl­my müm­kin­çi­li­gi bo­lan giň­ göz­ýe­tim­li, mak­sa­da ok­gun­ly, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly, ýo­ka­ry hü­när­li, taý­ýar­lyk­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça äh­li ta­gal­la­lar edi­ler». Hut şeý­le üns-ala­da­ bi­len gur­şa­lan ýaş­la­ry­myz döw­rüň iň kä­mil ylym-bi­li­min­den ha­bar­ly bol­ýar­lar.

Bi­lim ul­ga­myn­da iş­ler gu­ra­ma­çy­lyk­ly, mak­sat­na­ma­la­ýyn al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­nuň üçin ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne, döw­re­bap bi­lim­li bol­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da san­ly bi­li­miň ös­dü­ril­me­gi bi­len okuw sa­pak­la­ryn­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bu bol­sa bi­li­miň kä­mil gör­nü­şi­niň iň döw­re­bap usul­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň bi­lim­le­ri tiz öz­leş­dir­mek­le­ri­ne we kä­mil hü­när­men bol­mak­la­ry­na oňat ýar­da­my­ny ber­ýär. Esa­san hem san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak gel­jek­ki ösüş­le­re iter­gi ber­ýär. Çün­ki ösüş­le­ri­miz döw­rüň iň kä­mil en­jam­la­ry, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, komp­ýu­ter­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin bu gün­ki ýaş­lar san­ly ul­ga­ma oňat dü­şü­nip, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini şertlendirýär. 2015-nji ýylda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen «Biziň dünýämiziň özgerdilmegi: Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde» geljekki 15 ýyl üçin dünýä ösüşini üpjün etjek maksatlaryň 17-si kesgitlenildi we olaryň düzüminde «Ýokary hilli bilimiň» durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adamyň aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde tutýan möhüm orny bilen baglydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işleriň ählisiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, halkymyzyň eşretli we şöhratly geljegi, ylymly-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesi esasy orunda durýar. Çünki bilim-ylym ynsanyň dünýägaraýşyny ösdürýär, kuwwatyny artdyrýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bir bitewülige öwrülip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň yzygiderli ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Aýjeren Mededowa, 
TOHU-nyñ mugallymy.

 

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady