TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar – aýdyň ertirleriň kepili   

Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurtda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary we kanuny bähbitleri ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýurtda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesillerini watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, maksada okgunlylyga, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmeklige gönükdirilendir. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminama bolup durýar. Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegini düzýän ýaşlar döwletiň ykdysadyýetiniň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda we oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Şonuň üçin bilimli ýaşlary ýetişdirmek maksady ilen ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary». «Ylham joşguny», «Ezber gözeli» we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler döredilýär. Bu işler bolsa türkmen ýaşlaryň öz zehinlerini diňe ýurdumyzda däl-de, dünýä ýüzünde jar etmäge itergi berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň aýdyň ertirleri bolan ýaşlar barada uly alada edýän, gijesini gündiz edip zähmet çekýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Aganyýaz BARATOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle