TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Biler bolsaňyz itler…

 

  • Itlerde hem edil adamlar nahar suwuny tiz kabul edende synçgylawuk tutýar. Belli bolşy ýaly adamlarda ýüze çykýan bu alamatyň sebäbi häzirki wagtda çenli öwrenilmedik.
  • Iň çalt ylgaýan it – Greýhaund tohumly Star Taýtl atly it hasaplanýar. Onuň tizligi sagatda 67,32 kilometre deň.
  • Itleriň saglygyna zyýan ýetirýän ilkinji kesel semizlik hasaplanýar.
  • Häzirki wagtda ýer ýüzünde itleriň 703 sany arassa ganly tohumy bar.
  • Ilkinji gezek Rin Tin Tin atly it “Goliwudyň ýyldyzy” bolýar. Ol ähli ýyldyzlar ýaly özi penjesiniň yzyny galdyrmak arkaly 22 sany şertnama gol çekýär.
  • Itiň burny näçe uzyn bolsa onuň bedeniniň içki gurluşynyň sowadyş ulgamy şonça-da güýçli bolýar.
  • Itleriň Çihuaha atly tohumynyň ady Meksikanyň Çihuaha ştatynyň hormatyna dakylan.
  • Güjükler bir aýlykdan soňra kadaly görüp başlaýarlar.
  • Itler hem adamlar ýaly awtoulag sürüp bilýär. Olaryň bu başarnygy Täze Zellandiýada barlag edilip görüldi. Itler hakykatdan hem awtoulagy göni ýolda sürüp bilýän eken.
  • Nemes tohumly itler iň uzyn itler hasaplanýar, olar yzky iki aýagynda dik duranda boýunyň uzynlygy 2,22 metre deň.
  • Iň kiçi it bolsa Heawen Sent Brandy atly Çihuaha hasaplanýar. Onuň agramy 900 gram, boýy 10 santimetr.
  • It saklaýan adamlaryň 66%-mi adaty adamlar bilen deňeşdirilende köp hereket edýär.
  • Itler adamlar tarapyndan berilýän 250 sany buýrugy ýatda saklap bilýär. Olaryň intellektual ösüşi iki ýaşly çaganyň derejesi bilen deň hasap edilýär.
  • Itleriň gulagy ýokary tizlikli ultrasesleri hem eşidýär.
  • Bir wagtlar gadymy Hytaýda imperatoryň eşiginde kiçijek pekin iti gizlemek däp bolupdyr. Goragçylar ýok wagtynda iň ynamdar jandar hökmünde it imperatory dürli howplardan gorapdyr.
  • Itleriň burny hemişe çygly bolýar. Bu häsiýet olara dürli yslary ýalňyşsyz tapmaga ýardam edýär. Itler ýarym milliondan gowrak ysy tapawutlandyryp bilýär. Blanhaund tohumly itler 100 sagat bolan ysy ysgap, 160 kilometr uzaklykdan tapyp bilýär,
  • Itler suw içende dili, arka tarapyna aýlanan çemçäniň şekilinde bolýar;
  • Uly itlerde jemi 42 sany diş bolup, olar iýmit kabul etmek, dişlemek, çeýnemek üçin 28 sany dişini ulanýarlar.
  • Uly itleriň ýüregi edil adamlaryňky ýaly minutda 60-100 gezek urýar. Güjükleriň ýüregi bolsa has çalt, minutda 100-140 gezek urýar.
  • Itleriň eşidiş ulgamy adamlaryňkydan 10 esse güýçli bolýar. Olar reňkleri saýgaryp bilmeýär.
  • Itleriň dili howanyň yssy günlerinde bedeniniň temperaturasyny sazlamakda uly wezipäni ýerine ýetirýär. Bu wepadar jandaryň dilinde 1700 sany tagam biliş uçlary (reseptor) bolýar.
  • Itler üçin şokolat iýmek howply hasaplanýar. Sebäbi olaryň aşgazanynda bu önüm dargamaýar.
  • Itler ortaça 10-15 ýyl ýaşaýar.

 

 

Ogulnur MUHANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Serdar Berdimuhamedow täze wezipä saýlandy

 

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle