TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Bil Geýtsden 5 sany maslahat

Bil Geýts (William Henry Gates III)– 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Waşingtonyň Sietl şaherinde doglan, amerikaly işewür magnaty, programma üpjünçiligini dörediji we haýyr – sahawatçy bolup, ençeme ýyl bäri dünýäniň iň baý adamlarynyň biridir. Wagtal-wagtal dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda öňki ornuny käte ýitirýän bolsa-da, onuň durmuşy bilen gyzyklanýandygymyz – Geýtsyň baýlygy, jaýlary we awtoulaglary bilen baglanyşykly däl. Häzirki we geljegi emele getiren we tehnologiýa öwrülişiginiň başlangyjy bolan “Microsoft”-yň kakasy hasaplanylýan  Bill Geýtsden alýan her bir maslahatymyza gulak asmak peýdalydyr.

1.) Ünsli bolmak!

“Ömrümde eden zatlarym bir gapdala, şahsy kompýuterler bir gapdala. Men 20-30 ýaşlaryma  çenli hemişe kompýuterde işleýärdim. Şahsy kompýuterlere şeýle bir üns berdim. Kompýuter meniň durmuşym. Ünsli bolmak wajypdyr”

2.) Akyl taýdan iýmitlenmek

“Çagalygymda gaty köp arzuwlar edýärdim, şeýle bir uludy welin, muňa ynanyp bilmersiňiz. Şu günki durmuşymda ýeten zatlarymyň sebäbi, çaga wagtym köp köp okan kitaplarymdyr .”

3.) Düzgün-nyzam

“Geljekki iki ýylda garşymyzda ýüze çykjak mümkinçiliklere ünsli bolup has köp üstünde işlemeli. Özüňizi aldamaň, biderek işlere güýmenmäň, wagtynda etmeli zatlaryňyzy ediň, durmaň .”

4.) Özüň bolmak

” Hiç haçan özüňizi beýlekiler bilen deňeşdirmäň . Şeýle etseňiz, özüňizi peseldersiňiz, özüňizi kemsidersiňiz.”

5.) Alan zadyňyzy yzyna bermek

“Käbir jogapkärçilikler öňe süren wezipeleriňizden ýüze çykýar. Gowy wezipä çykanyňyzdan soňraky geljegiňizi gowulaşdyrmak diňe size bagly. Alan zadyňyzy yzyna bermelidigini bilmelisiňiz. ”

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Teswirle