TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Bezosyň baýlygy 200 milliardy geçdi

Onlaýn söwda platformasy bolan “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jeff Bezosyň şahsy baýlygy 200 milliard dollardan geçdi. Ol şeýle görkezijä ýeten ilkinji adam boldy.

ABŞ-nyň elektron söwda kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bezos koronawirus ýokanjynyň dünýäden giňden ýaýran döwründe baýlygynyň üstünde baýlyk goşdy. “Forbes” žurnalynyň habar bermegine görä, onuň baýlygy kompaniýanyň paýnamalarynyň 2 göterim gymmatlamagy bilen has-da ýokarlandy.

“Amazonyň” paýnamalarynyň 2 göterim ýokarlanmagy bilen Bezosyň baýlygy 4.9 milliard dollar artyp, 200 milliard dollardan gowrak boldy. Bezosyň baýlygy takmynan 205 milliard dollara deň boldy.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwarda emlägi 115 milliard dollara deň bolan Bezos 8 aýyň dowamynda takmynan 90 milliard dollar girdeji gazandy.

Bezosdan soňra 116,1 milliard dollar emlägi bolan Bill Geýts gelýär.

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýada saparda bolar

Baş Redaktor

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bagyşlanan maslahat

UNODC sebit wekili bilen duşuşyk

Teswirle