TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Bezosdan öňürtilär

Beýik Britaniýaly milliarder, «Virgin Galactic» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Riçard Brenson ýene sanlyja günden, ýagny 11-nji iýulda älem giňişligine çykjakdygyny habar berdi. Şeýlelikde, ol bu işi dünýäniň iň baý adamy ― «Amazon»-y esaslandyryjy Žeff Bezosdan öňürti amala aşyrar.

«Men muny hemişe arzuw edýärdim. Meni ejem hem goldady, ol maňa mydama ýyldyzlar barada gürrüň berýärdi. Arzuwym 11-nji iýulda amala aşar» diýip, 67 ýaşly millarder «Instagram»-daky sahypasynda ýazdy.

Şeýlelikde, Riçard Brenson «Virgin Galactic» kompaniýasynyň «Unity» suborbital gämisinde älem giňişligine çykjak 6 adamyň biri bolar.

Ýeri gelende aýdylmaly bolsa, kompaniýa «Twitter»-däki sahypasynda «11-nji iýul güni bize goşulyň we biziň birinji uçuşymyza şaýat boluň! Yzlygyna sanaw başlandy» diýip ýazdy.

 

Günden goranmak möhümdir!

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle