DÜNÝÄ

Bezos howanyň üýtgemegine garşy göreşýär

Dünýäniň iň baý adamy, «Amazon» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos howanyň üýtgemegi bilen bagly Ýer haýyr-sahawat gaznasyny döretmekçi. Bu barada ol özüniň «Instagramdaky» resmi hasabynda habar berdi.

«Men ylmyň howanyň üýtgemegine garşy göreşine goşulmagy makul bildim. Özleşdirilen usullary has kämilleşdirmäge goşant goşmak isleýärin. Hatda, bilelikde, howanyň üýtgemegine garşy täze göreş usullaryny hem tapyp bileris» diýip, Bezos şahsy hasabynda ýazýar.

Bu iş üçin ol bir milliard dollar serişdäni aýyrdy. Onuň aýtmagyna görä, bu serişde alymlaryň gözleg geçirmegi we netijeli çäreleriň amala aşyrylmagy üçin bölünip berler.

Şeýle hem ol hemmeleri bu göreşe bilelikde çykmaga çagyrýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar

Nowruz baýramy mynasybetli awtobus gatnawy ýola goýlar

Ulag-logistika boýunça türkmen-gyrgyz topary dörediler

Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçiriler

Aşgabadyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri