TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýadan koronawirus sanjymyna tassyknama

Beýik Britaniýa koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen hem-de 95 göterim täsiri bolan ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasy bilen Germaniýanyň “BioNTech” şereketiniň sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan tassyklady.

Bu sanjymyň öňümizdäki hepdeden başlap, Beýik Britaniýada boljakdygy mälim edildi. Ygtyýarlylar ilkinji nobatda sanjym ediljek toparlar barada ýakyn wagtda beýanat bilen çykyş ederler.

Beýik Britaniýanyň hökümetiniň metbugat sekretary tarapyndan berlen maglumata laýyklykda, ýurduň hökümetiniň Derman we lukmançylyk serişdelerini kadalaşdyrmak boýunça garaşsyz agentliginiň maslahaty bilen “Pfizer-BioNTech” kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülen täze görnüşli koronawirus sanjymyny tassyklamagy kabul etdi. Sanjym ýurt möçberinde ulanmaga başlanar.

Koronawirus sanjymy babatda Russiýanyň hem öz “Sputnik V” sanjymyny Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tanyşdyrmagy meýilleşdirilýär. Onlaýn tertipde geçiriljek çärede ýurduň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko çykyş eder.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle