Beýik Britaniýada çäklendirmeler gowşadylar

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson 21-nji iýundan başlap, ýurtda ähli çäklendirmeleri ýatyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

Ilkibaşda koronawirus pandemiýasyna çynlakaý garaman, soňradan köp sanly kynçylyklara sezewar bolan Beýik Britaniýada bu ýokançlygyň täze görnüşiniň ýaýramagy bilen çäklendirmeleriň güýçlendirilip, pandemiýanyň öňüni alyş çärelerine ýüz tutuldy. Ýurduň Premýer-ministri bu kynçylyklardan saplanmak üçin sanjymlaryň çalt we ýokary depginde alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.

Premýer-ministr Boris Jonson “Kowid-19” pandemiýasy sebäpli ýurduň çägindäki çäklendirmeleri ýatyrmak meýilnamasyny yglan etdi. Ol wirusyň gaýtadan ýaýramagynyň ýurduň ykdysadyýetine yzyna gaýtaryp bolmajak ýaramaz täsirini ýetirjekdigini belläp,şonuň üçin seresaply çemeleşme geň galmaly däldigini mälim etdi.

Ýurduň hökümet başlygy  çäklendirmeleriň gowşadylmagyna Milli saglyk ulgamy tarapyndan ýurduň çäginde 17,5 million adam sanjym etmek arkaly oňyn goşant goşýandygyny belledi.

Koronawirus ýokanjy sebäpli köp sanly kynçylyklary başdan geçiren Beýik Britaniýada adaty durmuşyň ilkinji ädimleri hökmünde 8-nji martda mekdepleriň açylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny hem-de daşarda adamlaryň has az möçberde wagt sarp etmegine rugsat beriljekdigini belledi.

Okap bilersiňiz  Aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärler

Çäklendirmeleriň gowşadylmagynyň 4 tapgyrda amala aşyryljakdygyny we ahyrynda 21-nji iýunda soňky tapgyra gadam basyljakdygyny mälim etdi.

Şotlandiýanyň, Uelsiň we Demirgazyk Irlandiýanyň sebitlerindäki hökümetleriň hem ýakyn aýlarda çäklendirmeleriň ýatyrylmagy barada beýanat bermegine garaşylýar.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.