SIZDEN GELENLER

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy

Ýurdumyzyň ähli ýerinde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralar Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygynyň öň ýanyndaky buýsançly günlerde has çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Özbaşdak döwletli bolmak, erkana döwran sürmek pikirleri beýik şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyzyň uzak-uzak asyrlaryň dowamynda eden arzuwlary bolsa häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hasyl boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren we bitirýän işleri ummasyzdyr.

Şahyryň şygyrlaryndaky pikirler ýakymly duýgulary döredýär. Onuň nakyla öwrülen setirleri paýhasyň altyn dänesidir. Şahyr nähili ýaşap, nämelerden gaça durmalydygy baradaky oý-pikirlerini şahyrana görnüşde beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň edebi gymmaty we terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin akyldar şahyryň goşgulary halkymyzyň gymmatly ruhy hazynasyna öwrüldi.

Beýik Pyragynyň arzuwlan döwletini häzirki wagtda bütin dünýä tanaýar. 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi halkymyzy buýsandyrýar. Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz beýik akyldarymyza bagyşlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy halk tarapyndan buýsanç bilen garşylandy. Bu goşgy halkymyzda ruhubelentlik döredip, Watana söýgini, söz ussadyna sarpany has-da artdyrdy.

Biz — bagtyýar ýaşlar Watany söýmekde beýik nusga görkezen hormatly Arkadagymyzyň, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserlerini belent ruhubelentlik bilen okaýarys, öwrenýäris hem-de durmuşymyzda nusga edinýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ähli okyjylar üçin durmuş mekdebi bolan «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplarynda we beýleki eserlerinde şahyryň goşgy setirleri eriş-argaç bolup geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň dana pähim-paýhasyna ýugrulan «Döwlet guşy» romanynda hem Magtymgulynyň sarpasy belent tutulýar. Bu romanyň bir bölümçesi şahyryň «Ýeldim tut» goşgusynyň ady bilen berilýär. Romanda urşuň gazaply ýyllarynda türkmen halkynyň her bir kynçylyga döz gelşi, agzybirligi, zähmetsöýerligi barada örän täsirli gürrüň edilýär.

Bilşimiz ýaly, geljek ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi uly dabaralar bilen belleniler. Bu toýa halkymyz uly üstünlikler, belent sepgitler bilen taýýarlykly barýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de şu ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli akyldar şahyrynyň nusgalyk eserlerine goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Jemşit Muhammetberdiýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Ýaşlar syýasaty barha dabaralanýar

Oba hojalygyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Otag gülleriniň ynsan saglygyna edýän peýdasy

Ýurdumyzyň suratkeṣlleriniñ toparlaỳyn sergisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege binýat

Aşgabatda sport baýramçylygy badalga alýar