TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Beşiktaş» ― Türkiýäniň naýbaşysy

«Beşiktaş» «Antalýaspory» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýeňip, Türkiýäniň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. Şeýlelikde, topar taryhynda ilkinji gezek täze bir üstünligi gazandy.

Has takygy, Sergen Ýalçynyň tälim berýän döwründe ― 2020 ― 2021-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Türkiýäniň çempiony bolan we ýurduň Futbol kubogynyň eýesi bolan «Beşiktaş» bu kuboklaryň üstüne Türkiýäniň Naýbaşy kubogyny hem goşdy.

«Beşiktaş» tälimçi Önder Karaweliniň ýolbaşçylygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen duşuşygy Nuri Şähiniň tälim berýän «Antalýaspory» bilen geçirdi.

Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlendi. Ýeňiş Önder Karaweliniň şägirtleriniňki boldy. Şeýlelikde, «Beşiktaş» taryhynda ilkinji gezek bir möwsümde üç kubok gazandy.

Duşuşyk nähili geçdi?

Duşuşygyň 33-nji minudynda kanadaly futbolçy Atiba «Beşiktaşy» 1:0 hasabynda öňe geçiren pökgini derwezä gönükdirdi. Birinji ýarym «Beşiktaşyň» üstünligi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ikinji pökgini hem Atiba geçirdi. Has takygy, ol ikinji ýarymdaky dartgynly pursatda öz derwezesine pökgi geçirdi.

Hasap deňlenensoň, duşuşykda iki toparyň futbolçylarynda hem ýadawlyk duýuldy. Duşuşygyň ýarym sagatlyk goşmaça wagtynda hem hasaby artdyrmak toparyň hiç birine başartmady.

Ersin ― duşuşygyň ýyldyzy

Şeýlelikde, duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgulary bilen kesgitlendi.

Ilkinji urgyny «Antalýaspordan» Günaý Wural dürs ýerine ýetirdi ― 1:0.

«Beşiktaşdan» Aleks Teşeýranyň ýerine ýetiren urgusy hem dürs boldy ― 1:1.

«Antalýasporuň» ikinji urgusyny ýerine ýetiren Mustafa Erdimalyň badyny derwezeçi Ersin saklady ― 1:1.

Baştuaýi «Beşiktaşyň» ikinji jerime urgusyny hem dürs ýerine ýetirdi ― 1:2.

Soňra «Antalýaspordan» Hakan Özmert dürs urgy bilen hasaby deňledi ― 2:2.

Bu gola «Beşiktaşdan» Atiba üstünlikli urgy bilen jogap berdi ― 2:3.

«Antalýaspordan» indiki futbolçy ― Floransyň urgusy dürs bollmady ― 2:3.

Şeýlelik, Wida «Beşiktaşyň» dördünji pökgüsini hem geçirip, toparyna arzyly ýeňşi getirdi ― 2:4.

Mälim bolşy ýaly, «Beşiktaş» Türkiýäniň çempionatynyň geçen möwsümini 84 utuk bilen tamamlap, «Galatasaraýdan» käbir artykmaçlyklar bilen üstün çykdy. Şeýdip hem çempionlygyny yglan etdi.    

 

Owganystanyň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

 

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle