TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Berýoza şiresi

Şiräniň düzüminde köp witaminler, minerallar we organiki kislotalar bolup,   onda glýukoza, fruktoza, fermentler, taninler bardyr. Berýoza şiresi iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine garşy göreşýär, böwrek daşlaryny eretmäge we gany arassalamaga kömek edýär. Ony yzygiderli ulanylmagy sebäpli metabolik ulgamalary çaltlaşdyrýar we adam özüni gowy duýup başlaýar. Berýoza agajyň sütüninden alynýandygy üçin düzüminde  taninler we efir ýaglary bardyr . Adamlar bu şiräniň suwyny askorbin kislotasynyň, B6 we B12 witaminleriniň çeşmesi hökmünde ulanýarlar.

Başgada ýürek- gan damar ulgamyny kadalaşdyrýar, düzüminde kaliý, magniý, fosfor, ftor we kalsiý bolup , fitonidler, saponinler we betulinler sebäpli deriniň we myşsalaryň ýagdaýyna peýdaly täsir edýär. Bir berýoza agajy takmynan 5 litr şiresini öndürip bilme mümkinçiligi bardyr.

B witaminleriniň köp bolmagy emosional fonda peýdaly täsir edýär. Adamda tolgunma duýgulary, stres we aljyraňly ýagdaýlary ýok edýär. Munuň üçin ýatmazdan ozal berýoza şiresini içmek maslahat berilýär.

Saparow Abdulla

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

“Apple” kompaniýasy täze önümlerini çykardy

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle