TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Berlin kinofestiwaly yza süýşürildi

Her ýyl geçirilýän hem-de kino dünýäsiniň uly şüweleňleriniň biri hasaplanýan Halkara Berlin kinofestiwaly yza süýşürildi. Koronawirus ýokanjy sebäpli bu kinofestiwal 2 tapgyrda geçiriler. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berýär.

Aslyndan “Berlinale” hökmünde tanalýan bu halkara festiwal 2021-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýardy. Ýöne çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe bu festiwaly 2 tapgyrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Kino sungatynyň öz önümlerini hödürlemegi üçin 2021-nji ýylyň mart aýynda bu festiwal onlaýn tertipde geçiriler. Soňra iýun aýynda bolsa, kinoteatrlarda hem-de açyk asmanyň aşagyndaky meýdanlarda köp sanly filmleri görkezmek göz öňünde tutulýar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Gyş möwsümi her ýyl ortaça 1 gün gysgalýar

Kino dünýäsi: 2023-nji ýylda çykmagyna garaşylýan filmler

Teatrlaryň hepdelik repertuarlary (27-29-njy ýanwar)

Teswirle