TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Berkarar döwletiň batly gadamlary

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan, uzak geljegi öz içine alýan döwlet maksatnamalarynda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipesi esasy orunda goýulýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyz döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy kuwwatlandyrmakda, dünýä tanatmakda özüniň baý tejribesine daýanyp, Watana, halka hyzmat etmegiň beýik nusgasyny döretdi. Bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu döwletli ýol-ýörelgäni üstünlikli, döredijilikli dowam etdirýär. Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň özeni Watanymyzy hemmetaraplaýyn, toplumlaýyn esasda ösdürmekden, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, maşgalanyň abadançylygyny üpjün etmekden we her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakdan ybaratdyr.

Beýik maksatlary nazarlaýan Watanymyzyň ösüşiniň täze döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan bolsa, onuň ikinji ýylyna, ýagny 2023-nji ýyla ýaşlaryň gujur-gaýratyna guwanyp, olara uly ynam bildirilip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen buýsançly şygar berildi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem eziz Watanymyzyň täze taryhy beýik ösüşler bilen şöhratlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamalaryň, öňde goýlan anyk wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar. Bu ýörelge hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň hem taglym esasy bolup çykyş edýär. Bu ýörelge halkyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek we halk köpçüliginiň belent ynamyna mynasyp bolmak filosofiýasydyr. Döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasaty halkyň jana-jan bähbitlerine we gündelik isleglerini doly kanagatlandyrmaga, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde alnyp barylýan durmuş syýasatynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak üçin döwlet tarapyndan anyk wezipeler kesgitlenildi. Olar ilatyň durmuş derejesini, şertlerini we ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly özgertmelerdir.

Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, gysga döwre niýetlenen, ýagny 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň kabul edilmegi hem ykdysady jähetden döwrüň talabydyr.

Bu Maksatnamanyň esasy maksady Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekden, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmekden, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakdan, pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmakdan, kiçi, orta hem-de iri telekeçiligi ösdürmekden, ylymdyr innowasiýalara daýanýan ykdysady pudaklaryň ilerlemegini gazanmakdan ybaratdyr.

Şir Annaýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle