TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Berkarar döwletimiziň bedew bady

Ahalteke bedewi berkarar döwletimiziň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň ruhy galkynyşynyň nyşanydyr. Döwlet tugramyzyň merkezinde ahalteke bedewiniň mynasyp orny bar. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarynyň gözelligini, boý-syratyny görmäge göz gerek. Ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, özgertmelerine bedew badyny beren Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda atçylygy ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gamyşgulak bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyň döredilendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

Türkmenistanda atçylygy we atly sporty ösdürmek, türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur şertler döredilýär. Döwletimiziň paýtagtynda we welaýatlarynda zamananyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar, atçylyk sporty boýunça okuw-usulyýet merkezleri hereket edýär. Köpetdagyň eteginde bina edilen täze, döwrebap Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi bolsa has-da guwandyryjy wakadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ganatly bedewlerimiziň abraý-mertebesini belende götermek ugrunda tagalla baryny edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga berlen atçylyk toplumlary her bir türkmen raýatyny buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary haýran galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylaryň göwünlerini göterýär. Olar özleriniň at üstünde edýän täsin hereketlerinde ata-babalarymyzyň gadymy milli oýunlaryny ussatlyk bilen janlandyrýar.

Ady dünýä dolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary diňe bir ýurdumyzyň çäginde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak bilen çäklenmeýär. Olar Halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem çykyş edip, öňdäki orunlary eýeleýärler. Ýaşyl ýaz deý owadan Baýdagymyzy dünýäde buýsanç bilen parladýarlar. Bu toparyň üstünlikli çykyşlary, daşary ýurtlardaky ýeňişleri türkmen halkyny diýseň buýsandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimiz baradaky «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserleri peşgeş berdi. Atçylyk sungatyna we ahalteke bedewlerimize bagyşlanan ajaýyp eserlerde türkmen bedewleriniň gelip çykyşy, taryhy, häsiýetli aýratynlyklary giňden beýan edilýär. Behişdi bedewlerimiz baradaky ajaýyp eserler we rowaýatlar kitabyň her bir okyjysynda ýakymly täsir galdyryp, ahalteke bedewlerimize bolan söýgini, guwanç we buýsanç duýgusyny artdyrýar.

Gündogdy Annaýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle