TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Berkarar döwletde täze şäher peýda bolýar

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir işde halkymyzyň nurana geljeginiň, ata Watanymyzyň depginli ösüşiniň bähbidi bar. Paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň keşbini özgerdip, görküne görk goşýan täze binalardyr medeni merkezler, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, senagat kärhanalary, şypahanalar, bilim ojaklary yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň çäginde hem ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, döwrebap edara binalary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik desgalary bilen bir hatarda, 720 orunlyk umumy bilim berýän mekdepleriň, 320 orunlyk çagalar baglarynyň birnäçesi, şeýle hem başlangyç hünär okuw mekdebi, ýörite sungat mekdebi we çagalar sungat mekdebi bina edilýär.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatly özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşyk ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajypdyr. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylandygyny bellemek gerek.

Şunda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýlelikde, ýakyn geljekde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik we ösüş ruhunyň aýdyň görkezijisi bolan täze şäher emele geler.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy üçin seçilip alnan ýeriň ähli görkezijiler babatda şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegini öz içine alýan durmuş-ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda seýilgäh-dynç alyş zolagynyň ýerleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Zolagyň çäginde «Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähi» diýlip atlandyrylan bölekde sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň we zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa gurluşygyň depginleriniň artmagyny, olaryň hil derejesiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär.

Bu döwrebap şäherde ýerine ýetirilýän işler has oňaýly, “akylly” şäher ýörelgesine laýyk alnyp barylýar.

Gülruh Balkanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle