TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Belgiýda çempionat tamamlanar, “Brýugge” çempion yglan ediler

Belgiýa Ýewropada futbol çempionatyny tamamlan ilkinji ýurt bolar. Ýurduň “Žýupiler-ligi” milli çempionatynyň direktorlar geňeşi dünýäde dowam edýän ýiti respirator keseli sebäpli çempionaty wagtyndan öň tamamlamagy teklip etdi.

Belgiýanyň çempionatynda 30 göz öňünde tutulan tapgyrlaryň 29 tapgyry geçirildi. Her ýyl çempionat tamamlanandan soňra 6 güýçli topar çempionlyk derejesi we Ýewropa kubok ýaryşlaryna gatnaşmak üçin özara bäsleşýärdiler. Ýöne bu gezek çempion hökmünde “Brýugge” topary yglan ediler. Çempionlar ligasyna gatnaşjak ikinji topar “Gent” bolar. “Şarlerua”, “Antwerpen” we “Standard” toparlary bolsa Ýewropa ligasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşar.

Indiki möwsümde çempionatynyň ýokary ligasynda gatnaşjak toparlaryň sany 16-dan 18-e ýetiriler.

Ýene-de okaň

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin özbaşdak okuw meýilnamasy

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar

Teswirle