DÜNÝÄ

Belarusda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçiriler

12-nji aprelde Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Araklaşygyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Mariýa Zaharowa metbugat ýygnagynda habar berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibiniň esasy wakalary boýunça pikir alşarlar. Şeýle hem 2024-nji ýylda gurama başlyklyk edýän Russiýanyň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşmalar bolar.

Şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hopwsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berler. Medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar. 2025-nji ýylda GDA-nyň çäklerinde 1941-1945-nji ýylyň urşunyň 80 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek babatdaky işleri maslahatlaşarlar.

Daşary syýasat ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça birnäçe bilelikdäki beýannamalar kabul ediler.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi