TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Belarus ugruna adaty uçar gatnawlary başlaýar: haýsy ugurlara dowam edýär?

Belarus ugruna adaty uçar gatnawlary şugün başlaýar. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkmenistan-Belarus ugruna adaty uçar gatnawlaryna 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda başlaýar.  Biletiň bahasy, Türkmenistan – Belarus ugruna 6825 manada barabardyr.  Uçar gatnawy Aşgabat-Minsk-Türkmenbaşy ugruna amala aşyrylar. Türkmenistan -Belarus ugry boýunça goşmaça maglumat gelende biz Siz bilen paýlaşarys.

Eýsem häzirki ýagdaýda haýsy ugurlara adaty uçar gatnawlary dowam edýär?

Häzirki  döwürde “Türkmenistan” awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt we Stambul ugryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär. Dubaý ugruna hepde-de 2 gezek, häpdäniň duşenbe we anna günleri, Kazan ugruna  hepdäniň  Çarşamba we ýegşenbe günleri , Moskwa ugruna bolsa sişenbe we Perşembe günleri adaty uçar gatnawlary dowam edýär. Frankurt ugruna bolsa, hepde de 2 gezek, Çarşamba we şenbe günleri adaty uçar gatnawlarry dowam edýär.

Stambul ugruna bolsa, hepde de 4 gezek, duşenbe, Çarşamba, anna we ýegşenbe günleri adaty uçar gatnawlary dowam edýär.

Ýokarda  agzap geçen ugurlarymyz, Türkmenistan awiakompaniýasynyň amala aşyrýan adaty uçar gatnawlarydygyny ýene bir gezek belläp geçýaris. Şeýlelikde, Türkmenistan awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt we Stambul ugurlaryna hepdede jemi 12 sany adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Şeýle hem, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň “S7” awiakompaniýasy Tükrmenistana adaty uçar gatnawlaryny ýola goýýar. Habar berlişine görä, şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlaýar. S7 awiakompaniýasy hepdede 1 gezek adaty uçar gatnawyny amala aşyrar. Ol hepdäniň duşenbe güni amala aşyrylar. Uçar gatnawlar, Moskwadan saagt 03:30-da, Türkmenbaşy şäherinden bolsa 10:05-de amala aşyrylar.

Şeýle hem Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy öz gezeginde Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bellemeli zat, ýakynda Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň hem adaty uçar gatnawlara başlamagyna garaşylýar.

Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýäris. Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy öň habar berişimiz ýaly hepdede 3 gezek, ýörite uçar gatnawlaryny dowam edýär. Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasyndan şugün alan maglumatymyza görä, awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň Oktýabr aýynda öň meýilleşdirilişi ýaly, hepdäniň duşenbe, anna we şenbe günlerinde Stambul-Türkmenbaşy  ugru boýunça dowam edip gelýär. Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, Türk howa ýollary häzirki wagtda ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu awiakompaniýasyny 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan şugüne çenli jemi 7 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Eger Türkiýäniň Türk howa ýollary awiakompaniýasy hem adaty uçar gatnawlaryna başlasa bu barada goşmaça maglumat bereris.

 

Fewral aýynda uniwersitede başlamak isleýänlere: Özýegin uniwersiteti

 

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

 

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Teswirle