TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Behişdi bedewleriň şanyna

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde toýlanylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň milli atşynaslygymyzy has-da ösdürmek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, dünýä meşhur ahalteke bedewlerimiziň gözelligini sungat eserlerinde wasp etmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen «Şöhratly bedewleriň waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige hödürlenen eserlerde behişdi bedewleriň şöhratly taryhy, tebigy gözellikleri, gylyk-häsiýeti, milli at esbaplary çeper beýan edildi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar, hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew tüýs ýürekden gutlap, olara geljekde-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler. Soňra paýtagtymyzda ýerleşýän bedewleriň heýkelleriniň ýanynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew batly diýarym — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik duşuşygy guraldy. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, aýdymçylar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy «Ýanardag» heýkelinden başlandy. Paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan bu ajaýyp heýkeliň ýanynda okalan joşgunly şygyrlar, şirin aýdym-sazlar soňra «Polatly» heýkeliniň, «Bitaraplyk» binasynyň ýanynda dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan türkmen bedewleriniň heýkelleriniň ýanynda okalan goşgularda, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, Watanymyzyň bagtyýarlygy, behişdi bedewlerimiziň gözelligi wasp edildi. Türkmen bedewiniň şanyna tutulýan toýuň öňüsyrasynda geçirilen döredijilik duşuşygy behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýandygyny, eserlerde tarypynyň belentden ýetirilýändigini aýdyň görkezdi.

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle