Bedew

Münene ganat sen, mertlere gaýrat,

Üstüňde pederleň penasy bedew.

Ýelden ýüwrük ädimleriňe haýran,

Waspyň heňňamlaryň senasy bedew.

Goç ýigitleň söýgüsi bar synaňda,

Menzillerde ýüwrükligiň synaňda,

Göwünler gobsunýar görküň synlanda,

Gerçekleň Watana wepasy bedew.

Seýle çyksaň seýkin basyp baryşyň,

Toýnagyňdan ot syçradyp galyşyň,

Uçmahdan ýollanan sungaty arşyň,

Saýaňda seýranlaň sapasy bedew.

 

Döwür ýetirýändir sylag-serpaýyň,

Ýyndamlykda, syrdamlykda ýok taýyň,

Aýlawlarda ganat açmaga taýyn,

Batly menzilleriň howasy bedew.

 

 

Arkadagyň sungatyndadyr şanyň,

Dünýäniň dilinde, heňinde sazyň,

Asyrlara dolar gider owazyň,

Kişňeýşiň köňülleň sedasy bedew.

Ganat baglap uçýaň gögüň gerşine,

Ýol sadaga aýlawlarda gelşiňe,

Dünýe haýran döwre zynat berşiňe,

Mertligiň, mertebäň güwäsi bedew.

Okap bilersiňiz  Bruno Fernandes Ronaldonyň yzyndan ýetdi

«Atda wepa-da bar, sapa-da» diýýän,

Arkadag şanyňy äleme ýaýýar,

Ädimlerde döwrüň badyny duýýaň,

Ýeňişli menzilleň höwäsi bedew.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.