TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bedeniň kesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaly!

Bedeniň kesele garşy göreşmeklik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Özüňiziň hem-de çagalaryňyzyň burnunyň nemli bardasyna «oksolin» melhemini çalmagy endik etmeli.

Pasyllara görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal ýaly miweleriň şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini) kabul etmeli.

Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň penjiresini wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Howany tämizlemek üçin üzärlik tütetmek maslahat berilýär.

Her hepdede milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyňyza ýüz tutuň! Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşyp kabul etmeli. Esasan hem, bu antibakterial serişdelere degişli. Sebäbi, olar wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler.

Asgyrylanda, üsgürilende, agzy we burny elýaglyk bilen ýapyň! Elleriňizi arassa saklaň hem-de ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň!

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda görkezilen itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi ýatdan çykarmaň!

Her bir adam möwsümleýin kesellere garşy sanjymlary öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul edip biler.

Iýmitden zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, önümlere bildirilýän arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý ediň! Söwda merkezlerinden demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümleri satyn alnanda, talabalaýyk belgileniş nyşanynda görkezilen möhlete laýyklykda saklamagy hem-de ulanmagy unutmaň!

Gyşyň her bir gününiň şemally, ýagyş-ýagmyrly, sowuk bolýandygyny hem-de howanyň derejesiniň peselýändigini nazara alyp, möwsümiň talaplaryna laýyk geýinmegi maslahat berýäris. Doňaklyk bolanda aşagy typmaýan aýakgaplary geýiň, bu babatda çagalara hem görelde boluň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene-de okaň

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Teswirle