TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Bazar bahasy 2 trillion dollar

ABŞ-nyň dünýä belli “Apple” kompaniýasynyň paýnamalary 1,33 göterim artyp, 468,42 dollara deň boldy. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazar bahasy 2 trillion dollara barabar boldy.  Mundan ozal, bazar bahasy 2 trillion dollara deň bolan ýeke-täk kompaniýa bardy. Ol hem Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” korporasiýasydy.

“Apple” kompaniýasyna kapitalizasiýasyny ýokarlandyrmak üçin 2 ýyl gerek boldy. 2018-nji ýylyň 2-nji awgustynda kompaniýa 1 trillion dollarlyk bazar bahasyna ýetipdi. Soňky ýylda onuň paýnamalary koronawirus pandemiýasyna garamazdan, 59,24 göterim artdy.

“Apple” kompaniýasyna bazar bahasynyň 1 trillion dollardan geçmegi üçin  38 ýyl gerek boldy. Ýöne soňky 1 trillionlyk sepgide bolsa, kompaniýanyň “iPhone” smartfonlary, “Apple Watch” we “AirPods” enjamlary arkaly ýetildi.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle