TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Baýramlaryň başy – Nowruz baýramy

Halkara Nowruz baýramy

Berkarar döwletimizde baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy.

Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halky pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynda Milli Bahar baýramyny uly dabara bilen giňden belläp geçýär. Her ýyl 21-22-nji martda tutuş ýurdumyz boýunça Milli bahar baýramy giňden bellenilip geçilýär.

Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenilýär. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny, hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýär. Nowruz baýramy her ýyl Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Täjigistan, Yrak, Hindistan, Gyrgyz Respublikasy hem-de beýleki sebitlerde giňden bellenilýär.

Nowruz diýmekligiň özi “Täze gün” diýmegi aňladýar. Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilmegi, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymyýetden gözbaşly bu baýramy belleýän halklary, ýurtlary has-da ýakynlaşdyrdy.

Nowruz dünýäniň köp halklarynda gije-gündiziň deňleşmegi, ýyl senesiniň başlangyjy hasap eddir. Gyş bahar paslyna ornuny berdi. Tebigat oýanyp, meýdanlar gülzarlyga öwrülýär. Bu pasyl hemmeleriň söýýän pasly. Bahar däplerini täze güýç, umyt, täze gadam bilen ädim ädilýär. Daýhanlar üçin bu pasyl iň bir gyzgalaňly, gyzykly döwürdir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada edýän taýsyz tagallalary bilen bu pasylda baglary, saýaly agaç nahallaryny ekmek işleri uly depgine eýe bolýar. Mundan başgada, türkmen daýhanlary üçin hem aýgytly döwür bolup, pagta ekmek işine girişilýär. hakynda

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda taýýarlanan “Paýhas çeşmesi” kitabynda hem Nowruz köp sanly nakyllardyr paýhasly sözler bar. “Ýylyň gelşi Nowruzydan belli, ýaryň gelşi – sowgadyndan”, “Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz”, “Bahardaky hereket, güýzki – bereket”, “Ýaz diýip, otsuz galma, gyş diýip – suwsuz” ýaly ençeme nakyllardan hem görnüşi ýaly bahar pasly be­re­ke­tiň hem-de täzelenişiň paslydyr.

Toýguly Annaýew

 Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

 

Nowruz yrymlary

Ýene-de okaň

Himiýa pudagy oba hojalygy üçin ähmiýetlidir

Garaşsyzlyk — bagtymyz

Döwletli maslahat – ösüşleriň buşlukçysy

Teswirle