JEMGYÝET

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň bardygyny we bu möçberiň 2 milliard kubmetre çenli bolup biljekdigini belleýer. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Azerbaýjanyň “Report” habarlar gullugyna beren beýanatynda belläp geçdi.

– Türkmen gazy Azerbaýjana gelýär we Azerbaýjanyň üsti bilen üstaşyr Türkiýä gelmek mümkinçiligi hem bar – diýip, Baýraktar belledi.

Ol munuň Azerbaýjanyň gazynyň Türkiýä Gruziýanyň üsti bilen barýan infrastruktura bilen amala aşyrmagyň mümkinçiliginiň bardygyny belleýär.

– Üstaşyr geçirmegiň möçberi uly bolman biler. Ýöne, esasy Azerbaýjanyň üsti bilen geçirmek (tehniki) mümkinçiligi bar. Türkmen gazy swap arkaly Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gelýär. Şeýle usulda Türkiýä hem baryp biler – diýip, ministr belläp geçdi.

Baýraktar bu babatda Azerbaýjan bilen gepleşikleriň geçirilip-geçirilmändigi hakynda sowala şeýle jogap berdi: “Azerbaýjan tarapy bu meýilnamalar barada habarly edildi. Azerbaýjan bilen maslahatlaşylman, munuň durmuşa geçirilmegi mümkin däl. Biz birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirdi. Häzirki wagtda azerbaýjan gazy Türkiýä, şol ýerden hem Ýewropa gidýar”.

Türk ministri tehniki mümkinçilikleriň Türkiýä 1.5-2 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny ibermäge mümkinçilik berýändigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi