TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Baýden: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşygyny goldaýarys

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe 28-nji maýda bellenilýän Respublika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti öz gutlagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegi babatda gol çekilen özara düşünişmek baradaky ähtnamany berk goldaýandygyny belläp geçdi.

– Amerikanyň Birleşen Ştatlary Günorta gaz koridorynyň işe girizilmegi bilen Azerbaýjanyň Ýewropanyň energiýa diwersifikasiýasyna goşan goşandyny hem-de Türkmenistan bilen “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegi babatda gol çekilen özara düşünişmek baradaky ähtnamany doly goldaýar – diýlip, gutlagda bellenilýär.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakyndaky özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilipdi.

Bu taryhy resminama Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň Hökümetiniň parlamentleri tarapyndan tassyklandy.

 

Kowid 19:köpçülikleýin immunitet gazanan ilkinji ýurt

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle