TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Baýden 80 ýaşyny belledi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda maşgala agazalary bilen özüniň 80 ýaşyny belläp geçdi. Baýden prezident wezipesi döwründe 80 ýaşyny gutlan ýurduň ilkinji prezidenti boldy.

Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer habarçylara beren beýanatynda Baýdeniň adatça doglan gününi maşgala agzalary bilen belleýändigini belledi.

Mälim bolşy ýyly, geçen hepdäniň şenbe güni Baýdeniň agtygy Naomi King Baydeniň durmuş toýy boldy. Bu çärä Ak Tamda geçirildi.

Baýden ABŞ-nyň ozalky Prezidentlerinden birnäçe ýaş uludyr. 76 ýaşyndaky Donald Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna täzeden gatnaşmak isleýär.

Ozalky prezidentlerden Jorj-Buşuň kiçisi we Bill Klinton hem 76 ýaşyndy. Barak Oabama bolsa, 61 ýaşynda. Ýurduň 39-njy prezidenti Jimmi Karter oktýabr aýynda 98 ýaşyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle