SPORT

“Bawariýa” – futbolyň şasy

Germaniýanyň “Bawariýa” topary üçin soňky 7 aý iň bir üstünlikli döwür boldy. Bu döwürde topar futbol dünýäsiniň iň naýbaşy kuboklaryny gazanmagy başardy.

2020 FIFA Klublar dünýä çempionatynyň finalynda Meksikanyň “Tigres” toparyny 1-0 hasabynda ýeňen “Bawariýa” topary çempion boldy.

Katarda geçirilen 17-nji FIFA Klublar dünýä çempionatynyň finalynda UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony “Bawariýa” topary bilen  Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib sebitiniň Futbol Konfederasiýasynyň (CONCACAF) Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Tigres” topary duşuşdy.

“Bawariýa” topary duşuşygyň 59-njy minutynda Benjamin Pawaryň geçiren goly bilen naýbaşy kuboklaryň ýene-de birini gazandy.

Bu netije bilen “Bawariýa” topary 2013-nji ýyldan soň ikinji gezek FIFA Klublar dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.

Nemes topary; UEFA Çempionlar ligasy, UEFA Super kubogy, Germaniýanyň Super kubogy, Bundesliga we Germaniýa kubogyndan soň bu ýaryşda hem ýeňiş gazanyp, bu möwsümi bilen 6 kubok gazanyp, ýokary netijeler bilen tamamlady.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

Ýene-de okaň

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler