TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Bawariýa” 30-njy çempionlygyny gazandy

Germaniýanyň milli futbol çempionatynyň ýeňiji mälim boldy. “Bundesliga” futbol çempionatynyň 32-nji tapgyrynda kerweniň başyny çekip gelýän “Bawariýa” topary myhmançylykda “Werder” toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna 8-nji, tutuşlygyna bolsa 30-njy çempionlygyny yglan etdi.

“Bawariýa” topary çempionatyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda wagtyndan öň çempionlygyny ykrar etdi. Umuman, Germaniýanyň milli çempionatynda “Bawariýanyň” gegemoniýasy hiç wagt gutarmajak ýaly.

Umumylykda 30-njy çempionlyk derejesini gazanan “Bawariýa” topary ilkinji gezek 1932-nji ýylda çempion bolupdy. Topar 10-njy çempionlygyny 1987-nji ýylda gazandy. 20-nji çempionlygyny 2006-njy ýylda gazanan bu topar 30-njy çempionlygyna uly üstünlikler bilen ýetdi. Topar çempionatdaky 14 duşuşygynda yzygiderli üstünlik gazandy. Şeýle hem topar ähli ýaryşlarda 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

“Bawariýa” toparynyň düzümindäki polşaly hüjümçi Robert Lewandowski iň köp tapawutlanan futbolçy boldy. Şu möwümde ol 46 gezek tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle