TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik:gazdan benzin öndürýän zawodda ammar gurmak

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni, bäsleşik toparynyň adyndan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde benzini, suwuklandyrylan gazy, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny saklamak üçin ammarlar toplumynyň taslamasyny düzmek we onuň gurluşygy üçin potratçyny seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— ABŞ-nyň 1150 (bir müňbir ýüz elli) dollaryny ýa-da goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda, dollaryňmanada deňbolan mukdaryny töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň

132-nji jaýy — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 39-01-73, 64.

Elektron salgysy: info.turkmenhimiya@online.tm;

th.gurlushyk@online.tm

 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan iş orunlary

Ýene-de okaň

“Petronas” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan iş orunlary

Halkara bäsleşik: halkara maslahat beriş edarasyny saýlap almak