Baslesik

Krossword-27

1. Organizmleriň gurluşy hakyndaky ylym.
2. Akyl zähmetiniň döredýän zatlary
3. Oba hojalygy, aýratynda ekerançylyk boýunça ýokary bilimli hünärmen.
4. Bir zadyň kenary, gyrasy.
5. Russiýanyň futbol toparlarynyň biri
6. Asman ýagtyltgyçlaryny öwreniji
7. Elektrik zarýadlarynyň geçiriji simdäki hereketi.
8. Şygyr bilen däl­de, gürrüň, kyssa görnüşinde ýazylýan eser.
9. Durmuşda kimdir biri üçin adaty zada öwrülen gylyk.
10. Telefon, telewizor we ş.m. öndürýän şereket.
11. Kömek, ýardam.
12. Täzeräk öý-işik bolan ýigit bilen gelin.
13. Bir ýere basylan bede, ýandak we ş.m. üýşmegi
14. Küştdepdiniň ýerine ýetirilýän bendi
15. “Maslahatly biçilen ... gysga bolmaz” (nakyl)
16. Durmuş wakalary ýörite sahnalaşdyrylan janly kinoşekiller arkaly beýan edilýän sungat eseri
17. Penjegiň, köýnegiň we ş.m. ýakasyna, ýeňine dakylýan düwme, sadap
18. Başdan geçirilen waka
19. Bolmalysyndan artyk
20. Giňişlige endigan ýaýramaga ukyply fiziki jisim.
21. Ýazyjydyr şahyrlaryň kabul eden edebi ady, tahallus.
22. Ylymly adam
23. Erik, alma we ş.m. agaçlaryň ekmek üçin ýörite ösdürilip ýetişdirilen kökli çybygy
24. “... gadyryn ýortan biler, ýaý gadyryn – dartan” (Nakyl)
25. Togalak şeklindäki, krahmala baý gök önüm.
26. Degirmende un üwemek işinde işleýän işçi, degirmençi.
27. Öwgi, taryp
28. Italiýanyň paýtagty
29. Norwegiýanyň paýtagty
30. Ýap gazylanda iki tarapa oklanyp çykarylýan gum.
31. Mal bakylýan otluk ýer, meýdan.
32. Aýal-gyzlara hormat bilen ýüz tutulyp aýdylýan söz
33. Ata, öküze, düýä goşulyp ýer sürmek üçin ulanylýan gural
34. Geçmişde bolup geçen wakalar hakda rowaýatlar aýdýan adam, gürrüňçi.
35. Argentinaly meşhur futbolçylaryň biri
36. Geň galmagy aňladýan ümlük.
37. “... saýasynda Mätäji taryp etse” (Mätäji).
38. “... jul içinde belli, göwher – kül içinde” (Nakyl)
39. Malyň bognundan çykýan ýara
40. Wepaly jandar