TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: programma üpjünçiligini ornaşdyrmak

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işini awtomatlaşdyrmak boýunça programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Ähli gyzyklanma bildirýän ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar bäsleşigiňtehniki şertlerini almak we tekliplerini tabşyrmak üçin Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýüz tutup bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryňçap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda bukjada kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 63-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-48-69, 48-49-16.

 

 

Internet nyrhnamalary 50 göterim arzanladyldy

Ýene-de okaň

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Halkara bäsleşik: tor ulgamyny gurnamak

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

Teswirle