TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: lukmançylyk serişdelerini satyn almak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot №1 — Halkara talaplara laýyk gelýän durmuş-wajyp derman serişdelerini satyn almak.

Lot №2 — Halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk harytlaryny we reagentleri satyn almak.

Lot №3 — Halkara talaplara laýyk gelýän dermanlyk çig mallary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot №4 — Halkara talaplara laýyk gelýän zyýansyzlandyryş, anyklaýyş we beýleki serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

“Meta” özüniň superkompýuterini işläp düzýär

Ýene-de okaň

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Teswirle