Bäsleşik: lukmançylyk enjamlaryny satyn almak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot № 21 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Mary saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 22 — Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji hem-de 3-nji saglyk öýleri üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

Si Szinpin: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin