TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: gämi gurmak barada

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi halkara tender yglan edýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot №-1 “Balkan” AGPJ-niň gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ürgün ýükleri we halkara standartlara laýyk gelýän konteýnerleri daşamak üçin niýetlenen, agramy 6100 tonna bolan gury ýük gämisini bilelikde gurmak;

Lot № 2 “Balkan” AGPJ-niň gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda kuwwaty 4000–4500 kWt we takmynan kuwwaty 2000–2500 m3 / sagatda topragy gaýtadan işleýän bir läbik sorujyny bilelikde gurmak;

  1. Bäsleşige gatnaşmak üçin:

bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kärhananyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, elektron salgysy, telefon we faks belgileri, bank rekwizitleri, soňky üç ýylyň dowamynda kärhananyň maliýe ýagdaýy,iş tejribesi we işgärleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly

GBS-i hasaba almak bilen her lot üçin 500 amerikan dollary möçberde töleg töläp bäsleşik teklipli bukjalary almaly;

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 05.08.2021ý ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

  1. Bäsleşik resminamalary iki möhürlenen bukjada: aýratyn tehniki we söwda teklipli bukjalary aşakda görkezilen salga tabşyrmaly.
  2. «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi daläşgäriň bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary taýýarlamakda çykaran harajatlary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Diňe «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň talaplaryna laýyk gelýän dalaşgärlere tehniki talaplar beriler.

Goşmaça maglumatlar bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň resmi saýtynda tanyşyp bilersiňiz www.tmrl.gov.tm

Telefon belgiler:+993243 2-13-46: Faks:2-62-51

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.

Russiýanyň täze tälimçisi kim bolar?

 

 

Ýene-de okaň

Bäsleşik:«Eni Türk­me­nis­tan Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy № 10104909

Bäsleşik:Eni Türk­me­nis­tan Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy № 10109151

Bäsleşik:Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi lot­da gör­ke­zi­len ha­ryt­la­ry sa­tyn al­mak bo­ýun­ça

Teswirle