TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek

Daşoguz welaýat häkimligi Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän Daşoguz şäheriniň çägindäki jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk we inženerçilik ulgamlarynyň düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 20-nji fewralyna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks belgisi: 9-30-85.

 

Bäsleşik: köpugurly medeni merkezini gurmak

 

Ýene-de okaň

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Halkara bäsleşik: tor ulgamyny gurnamak

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

Teswirle