TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: döwrebap şäherçede medeniýet öýüni gurmak

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, etrapda gurulýan täze, döwrebap şäherçede gurulmaly 200 orunlyk medeniýet öýüniň binasynyň gurluşygy üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň17-nji fewralyna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-40-33, faks belgisi: 9-03-14.

 

 

Bäsleşik: gurluşyk üçin potratçylary saýlap almak

Ýene-de okaň

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Halkara bäsleşik: tor ulgamyny gurnamak

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

Teswirle